Aşgabatda suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
17.02.2025 | 18:45 |Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýi mynasybetli döredijilik sergisi açyldy.
Sergide suratkeşiň “Narlar”, “Garaşmak”, “Ene”, “Ýaşuly”, “Oý-pikirler” ýaly 100-e golaý nakgaş we grafika eserleri görkezilendir. Bu eserleriň her birisi çuň many-mazmuna eýe bolup, awtoryň filosofiki pikirlerini, onuň inçe dünýägaraýşyny we milli däplere bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär.
Dawid Aruşaýans 1950-nji ýylda Mary welaýatynda eneden doguldy. Ol Aşgabatdaky öňki Şota Rustaweli adyndaky Tarkmen döwlet çeperçilik uçilişşesini tamamlap, soňra Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy boldy. Onuň ilkinji şahsy sergisi 1982-nji ýylda Mary şäherinde geçirildi, soňrasy bilen onuň işleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem ýurt daşynda hem meşhurlyga eýe boldy.
Şu günki sergi nakgaşçylyk sungatynyň muşdaklaryny, sungaty öwrenijileri we döredijilik intelligensiýasynyň wekillerini ýygnady. Myhmanlar Dawid Aruşaýansyň çeperçilik stiliniň özboluşlygy, hem-de onuň reňk we görnüş arkaly çylşyrymly duýgylary we keşpleri beýan etmek ukyby barada bellediler.
Sergi mart aýyna çenli öz işini dowam eder.