Iň täze habarlar

Hytaý işçi güýjüniň ýetmezçiligini rekord sany robotlar bilen öwezini dolýar

07.10.2025 | 17:00 |
 Hytaý işçi güýjüniň ýetmezçiligini rekord sany robotlar bilen öwezini dolýar

Hytaý işçi güýjüniň azalmagyna jogap hökmünde senagat robotlaryny ulanmagy çalt depginde giňeldýär. Geçen ýylyň dowamynda önümçilik pudagynda takmynan 295 müň täze enjam ulanylyp başlanyldy. South China Morning Post gazetiniň maglumatlaryna görä, bu giň göwrümli ornaşdyryş ýurda gaýtadan işleýän senagatda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny saklamagyna mümkinçilik berýär.

Hytaýyň ilaty 2022-nji ýyldan bäri azalyp başlady, we diňe geçen ýylda ilat sany 1,39 million adam azaldy. Bu demografik mesele iş berijileri awtomatizasiýa has işjeň ýüzlenmäge mejbur edýär.

Häzirki wagtda Hytaý senagat robotlaryny ulanmak boýunça dünýäde öňdebaryjy bolup durýar. Ýurtda 295 müň töweregi robot bar, bu bolsa olaryň dünýä boýunça umumy sanynyň 54%-ine barabardyr.

Sinhua uniwersitetiniň eksperti Gao Sýuýdunyň bellemegine görä, umumy ilatyň azalýandygyna garamazdan, robotlaryň giňden ornaşdyrylmagy we işçi güýjüniň bilimiň ýokarlanmagy Hytaýa bäsdeşlik ukybyny saklamaga kömek edýär.

Derňewçileriň çaklamalaryna görä, ýakyn geljekde gumanoid robotlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda has giňden ulanylar. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikiriçe, köpçülikleýin awtomatizasiýa geçişiniň hem öz kynçylyklary bar: enjamlaryň ulanylmagy elmydama arzan bolmaýar we adam güýjünden ýokary hil kepilini hem bermeýär. Bu kynçylyklaryň üstünlikli çözülmegi Hytaý senagatynyň doly robotlaşdyrmaga geçmegindäki esasy wezipeleriň biri bolup galýar.

ORIENT

Foto: grozny-inform.ru

Şeýle hem okaň: