Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň strategiýasyny kesgitlediler

07.10.2025 | 21:00 |
 Türkmenistanyň we Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň strategiýasyny kesgitlediler

7-nji oktýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň we Horwatiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wekiliýetiň ýolbaşçysy bolup gelen Horwatiýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

07102025-mid-turkmenistan-horvatiya (4).jpg

Duşuşygyň esasy netijesi, iki ýurduň DIM-niň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilmegi boldy. Bu resminama strategiki dialogy çuňlaşdyrmak üçin hereketleriň meýilnamasyny berkitdi.

Ministrler syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugruny kesgitlediler, iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň esasy hereketlendirijisidigini nygtadylar.

07102025-mid-turkmenistan-horvatiya (3).jpg

Halkara meýdançalarynda – hususan-da BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Horwatiýanyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini hem-de sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy aýratyn bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde söwda-ykdysady ugur bellenildi. Gämi gurluşygy, farmasewtika, gurluşyk we dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk we beýleki birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

07102025-mid-turkmenistan-horvatiya (2).jpg

Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmekde kesgitleýji ornuny bellediler. Şu saparyň dowamynda bu toparyň mejlisi geçiriler.

Taraplar şeýle bilim, ylym we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar hem-de geljek iki ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdiler.

07102025-mid-turkmenistan-horvatiya (1).jpg

Şeýle hem şu gün Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Gordan Grliç-Radman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kanunçylyk işinde tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler bellendi.

6yNcSvfKAamvtwRnmVndX9H93KqL3UK5LjIZVTWV.jpg

Aşgabatda gepleşikler bilen ugrudaş iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi. Bu bolsa ara alyp maslahatlaşmadan amaly ädimlere geçilýändigini alamatlandyrýar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: