Türkmenistanyň Prezidenti üç sany iri hassahananyň gurluşygy boýunça resminamalara gol çekdi
09.10.2025 | 02:10 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlara ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy hem-de olary ulanyşa girizmek bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekdi.
Hususan-da, çarşenbe güni hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa tarapyndan hödürlenen resminamalara laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanasy, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanasy gurlar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherinde döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekdi.
Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatynyň geçiriljekdigi barada habar berildi.
ORIENT