Täze Düzgünnama halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalarynyň işini işjeňleşdirer
09.10.2025 | 03:37 |Oktýabryň 8-ne, çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde kabul edilen esasy çözgütleriň biri – döwlet Baştutanymyz tarapyndan halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalary hakyndaky Düzgünnamanyň tassyklanylmagy boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan 54 halkara guramanyň agzasy bolup, olaryň 19-synyň ýanynda hemişelik wekilleri bar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara hem-de sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda yzygiderli çäreleri amala aşyrýar.
Täze Düzgünnama bu ugurdaky işiň hil taýdan täze, has gurluşlaýyn we netijeli derejä çykarylmagyny maksat edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan resminama Hemişelik wekilhanalaryň işiniň hem-de ygtyýarlyklarynyň düzgünlerini, hemişelik wekiliň esasy wezipelerini (derejesini, wezipelerini, maksatlaryny) anyk kesgitleýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, bu Düzgünnama milli bähbitleri netijeli ilerletmäge we daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ol şu ugurlary öz içine alýar: Türkmenistanyň hem-de onuň raýatlarynyň hukuklaryna we bähbitlerine halkara derejede wekilçilik etmek we olary goramak; halkara guramalary bilen ulgamlaýyn gepleşikleri alyp barmak; Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermek.
ORIENT