Bitaraplygyň dostlary toparyna agza döwletleriň Parlament ýolbaşçylary parahatçylyk we ynanyşmak hakynda dialogda
08.10.2025 | 21:20 |Aşgabat, 8-nji oktýabr | ORIENT. Şu gün, Bitaraplygyň dostlary toparyna agza döwletleriň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy “Parlamentara dialog – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” ady bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan gurnalan we Parlamentiň ýolbaşysy Dünýägözel Gulmanowanyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu çäre köp sanly kanun çykaryjylaryň giň toparyny we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Hytaýyň ählumumy çagyryşy we Kataryň araçyllygy
Özüniň wideo ýüzlenmesinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi Bitaraplygyň dostlary toparynyň “özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gowy meýdança” öwrülendigini aýtdy. BMG we köptaraplaýynlyk durnuksyzlyk döwründe kynçylyklara duçar bolýandygyny nygtady we ähli taraplary BMG-ni öz içine alýan halkara ulgamyny berk goldamaga çagyrdy.
HHR-iň Milli Halk Gurultaýynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy, dünýäde has adalatly we deňhukukly ulgamy ösdürmegi maksat edinýän Ählumumy dolandyryş başlangyjyna (GGI) ünsi çekdi.
“Hytaý iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we bitewi ykbal bilen hytaý-türkmen jemgyýetini gurluşygyny ilerletmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardyr” – diýip, Çao Letzi mälim etdi.
Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, doktor Hamda bint Hassan Al Sulаýiti, Bitaraplygyň dostlary toparynyň polýarlaşma we gapma-garşylyklardan doly dünýäde möhüm ornuna ünsi çekdi we Kataryň diplomatiýa we bitarap araçyllyk arkaly deňagramly çemeleşmesiniň köp sanly sebit we halkara meseleleriniň çözülmegine goşant goşandygyny aýtdy.
Kataryň wekili parlamentleri berk orny eýelemäge çagyrdy we parahatçylygyň diňe adalat arkaly gazanyp boljakdygyny belledi.
Russiýanyň garaýşy: Köp polýarlylygyň tarapdary we gapma-garşylyklara garaşy
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko duşuşyga gatanaşyjylara özüniň wideo ýüzlenmesinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň meýdançasy açyklyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dialog üçin möhüm formata öwrülýär. “Bitaraplyk ýörelgeleriniň saýlanylmagy hormata mynasyp. Esasanam bu häzirki wagtda dünýäniň çynlakaý çagyryşlara we howplara sezewar bolan döwründe has möhümdir” – diýip, RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy mälim etdi.
Walentina Matwiýenko Russiýanyň şu ýyllaryň hemmesinde Türkmenistanyň parasatly daşary syýasatynda ony goldaýandygyny tassyklady we Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek giň gerimli halkara forumyna RF-iň Federal Ýygnagynyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşjakdygyny habar berdi.
RF-iň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hut Bitarap Türkmenistanda badalga berilendigine ünsi çekdi we Topara agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyny (Krasnoýarsk, 2026) geçirmek üçin meýdançany teklip etdi.
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ylalaşygy
Merkezi Aziýanyň parlamentarlary sebitleýin bitewiligiň ählumumy dartgynlygyň şertlerinde durnuklylygyň mysaly bolup hyzmat etýändigini bellediler.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň belleýşi ýaly, sebitde “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň düýpli ýörelgeleri netijesinde dostluk, açyklyk we jebislik höküm sürýär”. Ol kanun çykaryjy edaralaryň ornuna ünsi çekdi: “Kanunçylyk tejribesi arkaly diňe bir içerki syýasaty däl, eýsem sebit hyzmatdaşlygy we ynanyşmak ýagdaýyny hem pugtalandyrýarys ... Parlamentler halklaryň bähbidine parahatçylygy, ynanyşmagy we adalaty berkitmekde has möhüm orny eýeleýär”.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk komitetiniň başlygy Andreý Lukin hem parlament diplomatiýasynyň barha artýan ähmiýetine ünsi çekdi. “Häzirki zaman geosyýasy çagyryşlaryň şertinde parlamentara hyzmatdaşlygyň we dialogyň ähmiýeti ep-esli ýokarlanýar. Gazagystan ynanyşmagy berkitmek, parahatçylygy goldamak we durnukly ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirýän tagallalary üýtgewsiz goldaýar” – diýip Lukin belledi.
Ol sanlylaşdyrmak, ekologiýa, suw we energiýa howpsuzlygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny aýratyn belledi hem-de parlamentleriň utgaşdyrylan hereketleriniň Merkezi Aziýada durnukly we öňünden aýdyp boljak hyzmatdaşlygyň arhitekturasyny döretmek üçin berk binýady döredýändigini nygtady.
Täjigistandan Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda, Gyrgyzystandan – Ýokary Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Žyldyz Sadyrbaýewa çykyş etdi.
Şeýle-de forumyň işine Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa we RF-iň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool gatnaşdy.
BMG bilen hyzmatdaşlyk
Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary:bileleşigiň baş sekretary Martin Çungongyň hem-de BMG-niň we ÝUNISEF-iň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Bitaraplygyň dostlary topary BMG-niň ýanynda 2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredildi we şu güne çenli 27 döwlet oňa goşuldy.