Iň täze habarlar

Ýapon ägirdi NTT fermalary goramak üçin dronlary lazer bilen enjamlaşdyrar

07.10.2025 | 16:45 |
 Ýapon ägirdi NTT fermalary goramak üçin dronlary lazer bilen enjamlaşdyrar

Dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Ýaponiýada hem, fermalar guş dümewiniň çalt ýaýramagy sebäpli mal başynyň elhenç derejede azalmagyna sezewar bolýarlar. Diňe 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Tiba prefekturasynda 3,3 million towuk ýok edildi. Bu mesele bilen baglylykda, ýapon tehnologiýa ägirdi NTT uçarmansyz uçarlara (dronlara) esaslanýan innowasion gorag ulgamyny döretmäge girişdi.

Täze ulgam lazer enjamlary bilen üpjün edilen dronlary ulanýar. Bu dronlar awtomatiki ýagdaýda howa galyp, fermanyň meýdanlaryny gyzyl we ýaşyl şöhleler bilen tötänleýin yşyklandyryp biler. Bu şöhleleriň maksady – ýabany guşlary (kepderiler, gargalar, sarlar ýaly) hem-de wirus göteriji bolmagy mümkin beýleki haýwanlary, meselem, sugunlary gorkuzmakdyr.

NTT bilen hyzmatdaşlyk edýän fermerleriň pikiriçe, bu usul şowhun ýa-da himiki serişdeler ýaly zyýankeşlere garşy köne çärelerden has netijelidir. Awtomatiki nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan dronlar, adam güýjüne mätäç bolmazdan, ýokaşma howpunyň giň gerim almagynyň öňüni almak üçin niýetlenendir. Ulgamyň netijeliligi we takyk netijeleri meýdan synaglary tamamlanandan soň belli bolar.

Bu bolsa Ýaponiýanyň oba hojalygynda ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalarynyň ýeke-täk mysaly däl. Osaka şäherinde geçirilýän “Expo 2025” Bütindünýä sergisinde “dünýäde ilkinji wodorodly uçarmansyz traktor” prototipi täzeden görkezildi. Bu futuristik enjam adamlaryň gatnaşmazdan meýdanlarda işläp biler we zyňyndysyz hereket eder, bu bolsa geljegiň ekologiýa standartlaryna doly laýyk gelýär. Prototipiň ilkinji synaglarynyň 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilmegine garaşylýar.

ORIENT

Foto: Unsplash

Şeýle hem okaň: