Iň täze habarlar

Täze Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada öňünden sargyt rekordlaryny goýdy

26.07.2025 | 18:45 |
 Täze Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada öňünden sargyt rekordlaryny goýdy

Iýul aýynyň başynda tanyşdyrylan iň täze eplenilýän akylly telefonlar — Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada uly meşhurlyga eýe boldy. Samsung bu modeller boýunça içerki bazarda 1,04 milliondan gowrak öňünden sargyt aldy.

Bu görkeziji Galaxy Z Fold5 we Z Flip5 üçin öňki rekordy (1,02 million sargyt) birneme geçýär we Galaxy Z Fold6 hem-de Z Flip6 modelleriniň (910 müň sargyt) görkezijisinden ep-esli ýokarydyr.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, täze eplenilýän enjamlar boýunça ähli öňünden sargytlaryň 60%-i Galaxy Z Fold7 modeline degişli. Bu modeliň Günorta Koreýadaky bahasy 2 379 300 won bolup, bu takmynan 1715 amerikan dollaryna deňdir. Ilkinji gezek Galaxy Z Fold modeli sargyt sany boýunça Galaxy Z Flip modelinden öňe geçdi.

Täze smartfonlara öňünden sargyt etmek döwri Günorta Koreýada 28-nji iýulda tamamlanar, açyk satuwlar bolsa 29-njy iýulda başlar.

ORIENT

Foto: Samsung

Şeýle hem okaň: