Türkmenistanyň Prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçdi
25.07.2025 | 22:28 |25-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu ynsanperwerlik çäresi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, günä geçmek baradaky çözgüt Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň teklibi esasynda taýýarlandy.
Prezident toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
… Türkmenistanyň ynsanperwer syýasaty milli hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegi we halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgeleri bolan günä geçmek baradaky işleriň durmuşa geçirilmeginde ýene bir gezek öz beýanyny tapdy.
ORIENT