Iň täze habarlar

Meşhur OSZone IT-portaly işini bes edýär

26.07.2025 | 19:00 |
 Meşhur OSZone IT-portaly işini bes edýär

Russiýanyň iň iri IT-internet portallarynyň biri OSZone öz işini bes edýär. 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap bu sahypa diňe "okamak" tertibine geçýär, sentýabrda bolsa serwer dolulygyna öçüriler.

OSZone ilkinji gezek 2001-nji ýylyň ahyrynda işe girizildi we ulanyjylara Windows operasiýa ulgamlary boýunça kömek bermek üçin döredildi. 2003–2004-nji ýyllara çenli portal Russiýa interneti (Runet) üçin möhüm bir çeşmä öwrüldi we her gün 300 müň töweregi ulanyjyny özüne çekýärdi.

Bu portaly meşhur eden zat onuň özboluşly mazmunydy: Windows-y awtougurda gurmak boýunça gollanmalar, meşhur "gök ýalňyş ekranynyň" näsazlyklaryny seljermek usullary, şeýle-de awtonom täzelenme toplumlary (meselem, UpdatePack-XP we UpdatePack7R2). Saýt rus dilindäki internetde Windows-y uzak aralykdan anyklaýyş işinde iň ösen toparlaryň biri hökmünde tanalýardy.

Sahypanyň ýapylmagyna birnäçe sebäpler bar: serweri işletmek bilen bagly çykdajylaryň artmagy, köne sahypa ulgamynyň howpsuzlyk taýdan gowşaklygy, şeýle-de adminstrasiýanyň bikanun mazmun ýa-da haker hüjümi bilen baglanyşykly töwekgelçilikden gaça durmagy.

ORIENT

Foto: dzen.ru

Şeýle hem okaň: