«Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň çäklerinde asfalt düşemek boýunça işler geçiriler
26.07.2025 | 11:48 |Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň çäklerinde asfalt we beton düşemek boýunça gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Teklipler şu ýylyň 1-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64
ORIENT