Zergärçilik sungatynda täzelik: “AmberForum'25”-de gyralary zümerret bilen bezelen ýantar daşy görkezildi
25.07.2025 | 15:10 |Ilkinji gezek paýtagt şäher Moskwada geçirilýän “AmberForum'25” VIII Halkara Ýantar Forumy 30 ýurtdan gelen gatnaşyjyny ýygnady. Şol forumda Kaliningrad Ýantar Kombinaty (Rostehe degişli) ajaýyp täzeligi – gyralary zümmeret bilen bezelen baltik ýantaryny hödürledi. Bu bütindünýä derejesindäki öňegidişlik boldy: güneş daşy ilkinji gezek adaty ýagdaýda gymmatbahaly zümmeret daşlarynda ulanylýan tehnologiýa esasynda işlenip taýýarlanyp, şol bir wagtyň özünde daşyň tebigy gözelligini we ýyly energetikasyny saklap galdy.
Kombinatyň hünärmenleri mümkin bolmadyk işiň başyna bardylar– olar näzik ýantary gyralary inçe usulda bezelen zergärçilik ajaýyplygyna öwürmegi başardylar. Munuň üçin diňe 23–32 mm ölçegdäki arassa daşlar üns bilen saýlanyp alyndy we olaryň içinde suwuň we howa köpürjikleriň bolmazlygy üçin öňünden awtoklawda işlenip taýýarlandy.
Soňra bolsa her bir nusga el bilen işlenip, 57 sany kämil gyraň döredildi. Kärhananyň baş nagyşçysy bu prosesi “bal böleginden kristal köşgüni oýmak bilen deňeşdirýär”, sebäbi ýantaryň ýumşaklygy bilen işleşmek örän inçeligi we takyklygy talap edýär.
Täze nagyş güneş daşynyň garaşylmadyk aýratynlyklaryny ýüze çykardy: limon reňkli öwüşginler içki ot ýaly lowurdady, ülje reňkli nusgalar bolsa rubin daşlaryna meňzeş çuňluga eýe boldy, köne konýak reňkleri bolsa gadymy altyn ýaly lowurdady. Baş direktoryň zergärçilik önümçiligi boýunça orunbasary Maýa Skworsowanyň düşündirişi ýaly, basgançak görnüşli gyraňlardaky ýagtylygyň döwülmegi “janly” daşyň täsirini döredýär, ýöne zümmerediň sowuk şöhlelerinden tapawutlylykda, ýantar ýyly şöhlesini we ýylmanak ýumşaklygyny saklap galdy. Täze önümiň tanyşdyrylyşy möhüm wakalaryň biri boldy. Rosteh-iň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, Moskwanyň forum üçin saýlanmagy tötänlik däl – bu Russiýanyň ýantar işlemek tehnologiýasynyň häzirki wagtda dünýä zergärçilik sungatynda täze ugurlary kesgitleýändigini görkezýär.
Bu üstünlik giň gerimli döwrebaplaşdyrmanyň netijesi boldy – bu işe 3,5 milliard rubl möçberinde maýa goýum edildi. Kombinat ýyllyk 50 tonna çenli ýantar gaýtadan işläp, 170 müň zergärçilik önümini hem-de bezeg plitkalaryndan başlap, sungat eserlerine çenli dürli önümleri öndürmek bilen, täsin önümçilik görkezijilerini gazandy.
Kärhananyň ýolbaşçylary bu tehnologiýanyň patentleşdiriljekdigini we dünýä bazarynyň ýokary derejeli segmentine çykaryljakdygyny habar berdi. Bilermenleriň pikiriçe, bu ösüş soňky onýyllygyň ýantar senagatyndaky iň möhüm waka boldy. Köplenç “Rus altyny” diýip atlandyrylýan baltik ýantary garaşylmadyk öwüşginler bilen lowurdap, täze ýaşaýşa eýe boldy.
ORIENT