«Daýanç» çagalar sagaldyş merkezinde çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
26.07.2025 | 18:00 |«Daýanç» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Paýhas ummanynyň dürdäneleri» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan dynç almaga gelen 9–13 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşdy. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy Güljahan Garabaýewa boldy.
Bäsleşikde çagalar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden setirleri çeper okadylar. Okalan setirleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan hem-de Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserlerinden bölümler boldy.
Bäsleşik gyzykly we ruhubelent ýagdaýda geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Ähli gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäher häkimliginiň bilim bölümi tarapyndan minnetdarlyk hatlary bilen sylaglanyldy, aýratyn tapawutlananlara Hormat hatlary gowşuryldy.
ORIENT