Apple iOS we iPadOS 26 üçin döredijiler kitaphanasyny (UI-kit) hödürledi
26.07.2025 | 17:30 |Apple iOS we iPadOS 26 operasiýa ulgamlary üçin resmi ulanyjy interfeýs kitaphanasyny – UI-kit-i jemgyýetçilige hödürledi. Bu täze mümkinçilikler programma üpjünçilik döredijilerine öz programmalaryny döretmekde täze gurallar toplumy bilen üpjün edýär. Interfeýs elementleriniň toplumlary häzirki wagtda Figma we Sketch ýaly meşhur dizaýn programmalaryny ulanýan dizaýnerler üçin elýeterlidir.
Täze UI-kit (ulanyjy interfeýs elementleriniň toplumy) «Liquid Glass» – ýagny «suwuk aýna» effektli täze dizaýn stili esasynda täzelenen komponentleri öz içine alýar. Olaryň arasynda düwmeler, menýular, açylýan sanawlar, tipografika we ýerleşdiriş maketleri bar. Şeýle hem bu toplum operasion ulgamlarda elementleriň dogry görkezilişiniň mysallaryny hem öz içine alýar. UI-kit bilen netijeli işlemek üçin Apple-yň nyşanlar kitaphanasynyň iň soňky görnüşi bolan SF Symbols-y ulanmak zerurdyr.
Bu toplumy döretmegiň esasy maksady — mobil programma dizaýnerlerine öz taslamalarynyň interfeýslerini 2025-nji ýylyň güýzünde geçiriljek iOS we iPadOS 26-nyň jemgyýetçilige hödürlenjek täze görnüşine uýgunlaşmakda kömek etmekdir. Täze operasion ulgamlar bilen birlikde iPhone 17 ýaly täze enjamlar hatarynyň hem hödürlenmegine garaşylýar.
Ozal, iýul aýynyň ortalarynda, Figma «suwuk aýna» effektini ýerli derejede (native) goldamagy girizdi. Bu bolsa dizaýnerlere goşmaça giňeltmeleri (plugin) ulanmazdan «Liquid Glass» stilindäki interfeýsleri döretmäge mümkinçilik berýär.
ORIENT