Iň täze habarlar

Türkmenistanly tälimçi Ýewropanyň futbol klubyna ýolbaşçylyk edýär

25.06.2025 | 13:48 |
 Türkmenistanly tälimçi Ýewropanyň futbol klubyna ýolbaşçylyk edýär

Türkmen hünärmeni Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” futbol klubynyň baş tälimçisi hökmünde bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Orazowyň ýewropa klubyna geçmekligi bu onuň hünär ösüşiniň täze tapgyrydyr. Tälimçiniň öňünde topara milli birinjilikde orunlaryny berkitmäge ýardam etmek wezipesi dur. Geçen möwsüm Ýewropanyň kuboklaryna gatnaşmaga dalaş eden “Daýnawa” häzirki wagtda aňsat bolmadyk ýaryş ýagdaýdadyr. Ol 16 tapgyrdan soň, dört utuk bilen iň soňky ýeri eýeleýär. Möwsümiň ahyryna çenli 11 duşuşyk galdy. Onda bolsa litwa kluby oňaýly üýtgemelere garaşýar.

Mergen Orazow öňki profesional futzalçy bolup, öz hünär ýoluna “Altyn Asyr” futbol klubynda kömekçi hökmünde başlady. Soňra ol “Köpetdag” we “Ahal” toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Ahal” Türkmenistanyň çempiony boldy hem-de ýurdumyzyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy. 2023-nji ýylda Orazow Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip başlady. Şeýle hem, ol Ispaniýanyň “Wilýarreal” akademiýasynda we Portugaliýanyň milli ýygyndysynda taýýarlyk geçdi.

ORIENT

Foto: fergana.agency

Şeýle hem okaň: