Aktau Türkmenistandan miweleriň we gök-önümleriň möwsümleýin getirilmegine gyzyklanma bildirýär
18.06.2025 | 16:25 |Gazagystanyň Aktau şäherine türkmen miwelerini we gök-önümlerini möwsümleýin getirmek meselesi Gazagystanyň Mangistau oblastynyň lomaý-paýlaýjy merkeziniň (LPM) wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň esasy temasy boldy.
Taraplar 40 müň tonna çenli önümleri saklamaga niýetlenen LPM-iň logistiki infrastrukturasynyň goňşy döwletden getiriljek täze oba hojalyk önümlerini kabul etmek we paýlamak üçin ulanylmagy barada maslahatlaşdylar.
Oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatda iş alyp barýan birnäçe türkmen oba hojalyk kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda gazagystan wekiliýeti alma, armyt, hurma, nektarin, şetdaly, garaly, badam, tomat we sogan ýaly önümleriň getirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen serhetdeş bolan Mangistau oblastynyň ýerleşişiniň logistiki artykmaçlyklaryny we möwsümi hasaba almak bilen ösdürilmegi meýilleşdirilýär.
Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewiň belleýşi ýaly, Aktau şäheriniň kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini öndürijilerden göni üpjün edilşine gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi çykdajylary peseltmäge hem-de üpjünçilik zynjyrlaryny azaltmaga mümkinçilik berer: “Araçylary aýyrmak bilen, ulanyjylar üçin önümiň bahasyna täsir edip bolar” – diýip, diplomat belledi.
Geljekde Mangistau oblastynyň çäginde türkmen telekeçiliginiň gatnaşmagynda logistika merkezleriniň, şeýle hem sebitiň eksport we üstaşyr mümkinçiligini ösdürip biljek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşylýar.
Bu sapar geçen ýylyň güýzünde Mangistau oblastynyň akimaty bilen Balkan welaýatynyň häkimligi arasynda gol çekilen 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowamy boldy. Wekiliýet Türkmenistanyň döwrebap ýyladyş toplumlaryna baryp gördi, ol ýerde banan ýaly tropiki önümler hem ýetişdirilýär.
Saparyň ahyrynda türkmen hyzmatdaşlar LPM-iň logistiki platformasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Aktau şäherine çagyryldy. Sebitde eýýäm türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 15 sany bilelikdäki kärhana işleýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde iki goňşy ýurduň döwrebap senagat binýady, ösdürilýän oba hojalyk toplumy hem-de ulag infrastrukturasy esas bolup hyzmat edýär.
ORIENT