Iň täze habarlar

RML Group 18 sekuntda zarýad alýan elektromobil akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlaýar

18.06.2025 | 15:50 |
 RML Group 18 sekuntda zarýad alýan elektromobil akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlaýar

Britaniýanyň RML Group kompaniýasy täze nesil VarEVolt akkumulýatorynyň köpçülikleýin önümçiligine rugsat alyp, uly ylmy-tehnologik öňegidişlik gazandy. Bu innowasion tehnologiýa elektromobili bary-ýogy 18 sekuntda doly zarýadlamak mümkinçiligini berýär we elektrik ulaglarynyň mümkinçilikleri baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgedýär.

1

VarEVolt örän ýokary energiýa dykyzlygyna eýe — 1 kilogramda 6 kWt — we onuň C- derejesi 200, bu bolsa häzirki wagtda 12–15 minutda zarýad alýan akkumulatorlardan ep-esli ýokarydyr. Modul gurluşy arkaly bu akkumulýator dürli maksatlara laýyklykda sazlanyp bilinýär: ýokary kuwwatlylyk ýa-da uzak ýol üçin giňişleýin ätiýaçlyk energiýa bilen üpjün etmek mümkin. Bu bolsa ony ähli görnüşdäki elektromobiller üçin amatly edýär. Bu tehnologiýa häzirki wagtda diňe käbir eksklýuziw giperkarlarda ulanylýar. Ýöne RML Group geljekde bar bolan elektromobilleri täzeden enjamlaşdyrmak üçin ýörite toplumlary hem hödürlemegi meýilleşdirýär — bu bolsa olaryň güýjüni sekiz esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Köpçülikleýin önümçilige resmi rugsadyň alnandygy elektromobil pudagyndaky iň uly päsgelçilikleriň biri bolan — uzak zarýad wagtynyň aradan aýrylmagyny aňladýar. Bu üstünlik diňe bir awtoulag senagaty üçin däl, eýsem logistika, köpçülikleýin ulag we hatda awiasiýa üçin hem täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Şeýlelikde, sagatlap zarýad garaşylýan döwür geçmişde galyp biler.

ORIENT

Foto: RML Group/ Unsplash

Şeýle hem okaň: