Täsirli açyş: passiw sowatmak tehnologiýasy maglumat merkezleriniň energiýa sarp edilişini azaldar
17.06.2025 | 14:45 |Kaliforniýa uniwersitetiniň (San-Diego) inženerleri maglumat merkezleri we güýçli elektronika üçin energiýa tygşytlaýan täsin sowatma tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu möhüm açyş, sebäbi häzirki wagtda maglumat merkezlerinde sowatma ulgamlary umumy energiýanyň 40%-e çenli sarp edýär, we bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli iki esse artmagy mümkin. Bu meseläniň çözgüdi — ýylylygy bugarmanyň hasabyna passiw ýagdaýda sowadýan ýörite membrana. Ol arzan bahaly süýümli materialdan taýýarlanýar we içinde örän ownuk gözenekler bar. Gözenekler kapillýar täsiri arkaly suwuklygy netijeli paýlaýar. Bu bolsa elektronika enjamlaryndan ýylylygy goşmaça energiýa sarp etmezden sowatmaga mümkinçilik berýär.
Täze usul adaty wentilýatorlardan we sorujylardan has netijeli bolup çykdy we olarda ulanylýan suwuň mukdary hem ep-esli azaldy. Taslama ýolbaşçylyk eden professor Renkun Çen membrananyň gözenekleriniň ölçegi we gurluşynyň optimallaşdyrylandygyny, munuň bolsa öň ýüze çykýan dykylmak ýa-da gaýnamak ýaly meseleleriň öňüni alýandygyny nygtady.
Synaglaryň netijesi rekord derejesindäki görkeziji berdi: membrana her sm² üçin 800 wattdan gowrak ýylylyk akymyna garşy durup, uzak wagtlap ýokary ýüklenme şertlerinde durnuklylygyny görkezdi. Alymlar bu tehnologiýany prosessorlary we wideokartlary sowatmak üçin "sowuk plastinalara" ornaşdyrmagy we ony bazara çykarmak üçin startap açmagy meýilleşdirýärler.
ORIENT