Iň täze habarlar

Kuickwheel Hytaý kompaniýasy Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady

17.06.2025 | 13:20 |
 Kuickwheel Hytaý kompaniýasy Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady

Hytaýyň Kuickwheel atly kompaniýasy ilkinji gezek CES 2025 sergisinde görkezilen Skyrider X6 uçýan motosikliñ önümçiligine başlady. Bu özboluşly enjam trisikl bilen multikopteri utgaşdyrýar we şahsy ulag serişdelerine täzeçe çemeleşmäni hödürleýär.

Skyrider X6 ýer ýüzünde 200 km çenli aralyga ýöräp bilýär ýa-da dron ýaly uçup bilýär — onuň uçuş tizligi sagatda 72 km-e çenli, bir zarýadda uçuş aralygy bolsa 50 km çenli ýetýär. Dolandyryş awtomatiki görnüşde-de, el bilen-de amala aşyrylyp bilinýär.

1

Iki görnüşli batareýa hödürlenýär: 10,5 kWt·s (1 sagatda zarýad alýar) we 21 kWt·s (40 minut çenli uçuş üpjün edýär). Hytaýda öňünden sargyt etmegiň bahasy — $69 000.

Howpsuzlyk ulgamy ätiýaçlyk ulgamlary, ballistik paraşýut we karbon bilen awiasiýa alýuminiden ýasalan ýeňil korpus bilen üpjün edilendir.

2

Skyrider X6-nyň köpçülikleýin ulanylmagyna howa giňişligine girizilen çäklendirmeler we uçuş şahadatnamasyny almak zerurlygy päsgelçilik döredýär. Bu şahadatnamanyň bahasy hem goşmaça $6 900 bolýar. Skyrider X6 häzirki wagtda baýlygyń aýratynlygy bolup hasaplanylsa-da, şahsy awiasiýanyň geljegi üçin uly ädimdir.

ORIENT

Foto: Kuickwheel

Şeýle hem okaň: