Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär

13.06.2025 | 22:00 |
 Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär.

Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýändigini nygtaýar.

“Biz islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurdygyny nygtaýarys” – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: