Iň täze habarlar

Geljek barada dialog: Bişkek Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumyny kabul edýär

13.06.2025 | 12:16 |
 Geljek barada dialog: Bişkek Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumyny kabul edýär

Bişkek, 13-nji iýun | ORIENT. Şu gün Bişkekde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň ikinji Forumy öz işine başlady. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiň ýanyndaky Milli strategiki başlangyşlar instituty we Koreýa gaznasy (Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy forumynyň sekretariaty) tarapyndan gurnalan bu ähmiýetli çäre alty ýurtdan strategiki barlaglar merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi: Koreýa Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Forumyň maksady – sebitdäki esasy çagyryşlara, şol sanda energetika durnuklylygy, howanyň üýtgemegi, sanly üýtgeşmeler we logistika ýaly bilelikdäki çemeleşmeleri ösdürmekdir.

1.jpg

Açylyş dabarasynda gutlag sözleri bilen wekilýetleriň öňünde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiň ýanyndaky Milli strategiki başlangyşlar institutynyň direktorynyň orunbasary Adilbek uulu Şumkarbek, Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Ri Jong Kuk, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar institutynyň direktorynyň orunbasary Nurlan Sakuow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktorynyň birinji orunbasary Murtazozoda Oraz, Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň direktorynyň orunbasary Şerzod Faýziýew dagylar çykyş etdiler.

1749808296541.jpg

Forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistan DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň we esasanam Türkmenistan bilen strategiki hyzmatdaşlygyň durnukly we depginli ösüşiniň nusgasyny görkezýändigini aýtdy. Bu model Amansaryýewiň sözlerine görä, birek-birege hormat goýmaga, amaly peýdalara we durnukly ösüş üçin umumy islege esaslanýar, onuň ugruny bolsa çuňlaşmagyny dowam etdirýär we energetika we infrastrukturadan sanlylaşdyrma we bilime çenli has giň ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň wekili hyzmatdaşlygyň taryhy esaslarynyň üstünde jikme-jik durup geçdi. Ol Günorta Koreýanyň sebiti diňe bir çig mal çeşmesi hökmünde däl-de, eýsem özara peýdaly tehnologiki, senagat we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin meýdança hökmünde gören ilkinji aziýaly hyzmatdaşlaryndan biridigini aýratyn belledi.

Amansaryýew 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Türkmenistanda iri infrastruktura we senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge şol sanda gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň gurluşygyny we nebithimiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak işine “Hyundai Engineering”, “LG International”, “Daewoo” we Korea Gas Corporation” (KOGAS) ýaly Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny mysal hökmünde getirdi. Şeýle hem hökümetara toparlar, dürli formatlardaky forumlar, şeýle hem parlament we medeni alyş-çalyşlar arkaly institusional hyzmatdaşlygyň binýadynyň goýlandygy bellendi.

1000061381.jpg

Hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry barada aýdyp, Bekdurdy Amansaryýew Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň ykdysadyýet, senagat we ynsanperwerlik ýaly möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň arhitekturasyny döredendigini belledi. Ol “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň dünýädäki iň uly taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşmagyny mysal hökmünde getirdi şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika, ulag, himiýa, logistika, telekommunikasiýa we ýaşyl tehnologiýalary öz içine alýandygyny belläp geçdi.

Ynsanperwer ugurda onuň sözlerine görä talyp alyş-çalyşlary işjeň alnyp barylýar we Türkmenistanda Günorta Koreýanyň bilim modeli ýokary baha berilýär, Aşgabatda bolsa koreý dili we medeniýet merkezi hemişelik hereket etýär. Özüniň döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny işjeň ösdürip, Türkmenistan Günorta Koreýanyň sanlylaşdyrma, elektron hökümet we lukmançylyk pudagyndaky tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.

Geljegiň mümkinçiliklerine ýüzlenip, Amansaryýew innowasiýa, sanlaşdyrma, ýaşyl ykdysadyýet we logistika ünsi çekdi. Ol geljekdäki hyzmatdaşlygyň esasy maksady akylly şäherleriň, emeli aň tehnologiýalarynyň, elektron bilimiň we telemedisinanyň ösüşini bilen bir hatarda sanly özgerişleriň boljakdygyny mälim etdi we Türkmenistanyň Günorta Koreýanyň sanly dolandyryş we blokçeýn çözgütleri babatdaky tejribesine gyzyklanýandygyny nygtady.

2.jpg

Onuň pikiriçe, ýaşyl ykdysadyýet pudagynda wodorod energiýasy, energiýa tygşytlylygy we durnukly oba hojalygy boýunça bilelikdäki taslamalar üçin giň mümkinçilikler bar. Koreýa Respublikasynyň Gündogar Aziýa, Kawkaz we Ýewropanyň arasynda haryt akymyny giňeltmekde esasy baglanyşyk hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny şol sanda sebitdäki üstaşyr mümkinçiligini ulanmaga bolan gyzyklanmasy bellenildi.

Bekdurdy Amansaryýew, hyzmatdaşlygyň “ýumşak güýjüni” berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki bilim maksatnamalaryny ösdürmegiň, medeni we ylmy alyş-çalyşyň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy.

Forum energetika howpsuzlygy, howa we ESG-ýörelgeleri, logistika we ulag, şeýle hem sanly üýtgeşmeler we emeli aň ýaly ugurlara bagyşlanan dört sany tematiki sessiýany öz içine alýar. Çäräniň jemleri boýunça geljekki döwletara hyzmatdaşlygyň esasyna öwrüljek kararnama gol çekilmegine garaşylýar. Bu Forum, şübhesiz, Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolar we tutuş sebitiň durnukly ösüşine ähmiýetli goşant goşar.

Ýakyn wagtda, türkmen wekiliýetiniň agzalary kärdeşleri bilen öz garaýyşlaryny paýlaşjak aýratyn sessiýalara synlarymyzy biz size hödürläris.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: