Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy daşary ýurtly raýatlaryň Eýrandan gaýtmaklaryna ýardam bermäge taýýar
18.06.2025 | 14:30 |Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy diplomatik wekilhananyň konsullyk okrugyndaky daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň çäginden Eýrandan gaýtmak meselesinde ýardam bermäge taýýardygy barada habar berdi. Bu barada Ilçihananyň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda aýdylýar.
Neşir edilen bildirişde şeýle diýilýär:
“Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ilçihananyň konsullyk okrugyna degişli daşary ýurtly raýatlara (Ýaponiýa, Filippinler Respublikasy, Awstraliýa we Täze Zelandiýa) Türkmenistanyň çäginden Eýrandan öz Watanlaryna gaýdyp barmaklaryna ýardam bermäge taýýardygy barada habar berýär”.
Ýardam almak üçin Ilçihana consulate_jp@mfa.gov.tm elektron poçtasyna pasport nusgalary bilen bilelikde degişli haýyşnamany ibermegi haýyş edýär.