Iň täze habarlar

Türkmenistanyň basketbolçylary Russiýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

18.06.2025 | 15:10 |
 Türkmenistanyň basketbolçylary Russiýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

29-njy iýunda Russiýanyň Obninsk şäherinde “Rosenergoatom” konserniniň 3x3 Birleşen yklym ligasynyň “Buduşşeýe” diwizionynyň birinji tapgyry geçiriler. Oňa Türkmenistanyň basketbol topary gatnaşar.

Ýaryşlar “Plaza” söwda merkeziniň öňündäki ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada geçer. Tomaşaçylara Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy toparlarynyň duşuşyklary garaşýar. Ýaryş ýurtlaryň arasyndaky sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we 3x3 formatyndaky köpçülikleýin basketboly ýaýbaňlandyrmak üçin möhüm meýdança bolar.

ORIENT

Foto: sportrbc.ru

Şeýle hem okaň: