Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine syn: esasy temalar we kararlar
14.06.2025 | 05:25 |13-nji iýun, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy şeýle hem ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary ösdürmek barada möhüm kararlar kabul edildi.
Halkara gatnaşyklaryny we BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
Gün tertibinde esasy meseleleriň biri BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada boldy. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda okuw-maglumat merkezlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde döredilýän bu Merkez ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini we başarnyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Şeýle hem wise-premýer özüniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi.
Ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine aýratyn üns berildi. Wise-premýer daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky teklipler beýan edildi
Çölleşmäge garşy göreş babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hödürleniljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryna Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky meseläni goşmak teklip edilýär. Hazar deňziniň ekologik başlangyçlary we daşary işler ministrleriniň ýygnagyny we Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aral deňzi meselesiniň çäginde Aral boýunça Milli maksatnamanyň (2021–2025) amala aşyrylyşyny we 2026–2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 27-nji iýunda pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň “Halkara suw akarlarynyň gämi gatnawsyz görnüşlerini peýdalanmagyň hukugy hakynda Konwensiýa” goşulmagy baradaky meselä seretmek we Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlarynyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” tassyklamak teklip edildi.
Ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşi
Wise-premýer Batyr Amanow ýangyç-energetika toplumynda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Maksat – önümçilik-tehnologik desgalaryň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr. Teklip Prezident tarapyndan makullandy.
Himiýa senagaty pudagynyň işi boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hereket edýän kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny doly ulanmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyryldy.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda möwsümleýin hojalyk işleriniň alnyp barlyşy: galla hasylyny ýygnamak, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işler, Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi barada hasabat berdi. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi
Innowasiýalar, medeni çäreler we sport wakalary
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de bilim ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatdy – zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we sanly çözgütleriň milli ykdysadyýetde giňden ulanylmagyny öňe sürmekden ybaratdyr. Prezident bu teklibi makullady.
Wise-premýer Bahar Seýidowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hepdeligiň maksatnamasy konsertleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, filmleriň görkezilişleri we sahna oýunlarynyň, şol sanda “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilişini öz içine alar. Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa 15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçiriljek küşt boýunça halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, ýetginjek türgenler gatnaşarlar.
Syn TDH-da ýerleşdirilen habaryň esasynda taýýarlanyldy
ORIENT