Snapchat döredijileri täze nesil AR-äýnekleri bilen tanyşdyrdy
12.06.2025 | 16:48 |Snapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär. Ilkibaşda 2021-nji ýylda Spectacles ady bilen hödürlenen bu enjamlar — Apple Vision Pro-nyň göni bäsdeşi hökmünde — döredijileriň bellemegine görä, indiki 5–10 ýylyň dowamynda smartfonlar ýaly giňden ýaýran enjam bolmalydy.
The Verge neşiriniň habaryna görä, Snap bu akylly äýnekleriñ täzelenen görnüşini 2026-njy ýylda bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Enjamyň takyk tehniki häsiýetnamalary entek aýan edilmedik hem bolsa, içerki çeşmeler 2021-nji ýylyň synag modeline garanyňda ep-esli ösüşleriň bardygyny belleýärler.
Snap kompaniýasynyň baş direktory Ewan Şpigeliň sözlerine görä, täze modeliň ahyrky ady diňe “Specs” bolar. Bu täze görnüş prototipden has inçe, has amatly we ýeňil bolupdyr. Şeýle hem äýnekleriñ görüjilik meýdany has giňeldilipdir, bu bolsa VR-grafikanyň linzalaryň has uly bölegini tutmagyna we has güýçli aralaşma täsirini döretmegine mümkinçilik berýär.
ORIENT