Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygy ýatlama agşamy bilen bellendi
08.05.2025 | 22:10 |Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildi. Gysga, ýöne şöhratly ömri ýaşan bu meşhur aýdymçy söýgi, gam-gussa we şatlyk bilen bezelip aýdylan aýdymlary bilen ýatda galdy. Ol aýdymlar häzire çenli halk arasynda söýlüp diňlenilýär. Şeýle hem, ol türkmen halkynyň gadymy sungat däplerini dowam etdirmek bilen, döredijilik ýolunda ýaşlara halypa bolup olaryñ hakydasynda ýaşaýar. Duşuşyga gatnaşanlar Annaberdi Atdanowyň döredijiligi barada çykyş etdiler hem-de onuň repertuaryndaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylda Bäherden etrabynyň Ýaraja obasynda dünýä inýär. Şol ýerde-de ýerli ansamblda we hor toparynda çykyş edip, döredijilik ýoluna başlaýar. 1959-njy ýylda ol respublikan döredijilik höwesjeñler bäsleşigine gatnaşyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanýar. Wagtyň geçmegi bilen onuň halk aýdymlaryny we döwrebap kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetiriş ukyby has-da tanalýar. Ol «Mukamyň syrlary» we «Keçpelek» ýaly tanymal kinofilmlerde baş keşpleriň aýdymlaryny ýerine ýetirip, meşhurlygyny has-da artdyrýar.
1970-nji ýylda ony Türkmenistanyň Döwlet filarmoniýasyna çagyrýarlar we onuň zehini has doly açylyp başlaýar. Türkmenistanyñ meşhur estrada aýdynçysy hökmünde Kanada, Mongoliýaýaly ýutrlarda çykyş edip, ol öz sungatynyñ muşdaklarynyñ sanyny has-da artdyrýar. 1982-nji ýylda estrada aýdymçysy Annaberdi Atdanow awtoulag heläkçiliginde aradan çykýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatyny we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin ol 1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada ölüminden soň mynasyp bolýar.
ORIENT