Iň täze habarlar

Sparkle Project Thundermage: Thunderbolt 5 bilen stasionar wideo karty

28.05.2025 | 17:28 |
 Sparkle Project Thundermage: Thunderbolt 5 bilen stasionar wideo karty

Sparkle kompaniýasy Computex 2025 sergisinde örän üýtgeşik wideo karty - Project Thundermage bilen tanyşdyrdy. Bu kart daşarky däl, eýsem Intel Arc grafiki prosessory esasynda gurlan doly funksional stasionar diskrent wideo kartydyr.

Bu kartyň esasy aýratynlygy — arka panelinde ýerleşýän iki sany USB-C börleridir. Olaryň biri Thunderbolt 5 interfeýsini goldaýar diýip çaklanylýar. Bu bolsa 80 Gbit/s çenli doly tizligi üpjün edýär. Şeýle çözgüt arkaly bir kabel boýunça şekil ibermek, hem-de elektrik üpjünçiligi mümkin bolýar, kart bolsa 27 Wt çenli kuwwaty berip bilýär.

Project Thundermage häzirki wagtda prototip görnüşinde bolup, onuň seriýa önümçiliginiň başlanyp-başlanmajakdygy entek belli däl.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: