Iň täze habarlar

Nokia telefonlaryndan dünýäniñ ilkinji kamera goýlan Wear OS akylly HMD sagatlaryna çenli

31.05.2025 | 17:10 |
 Nokia telefonlaryndan dünýäniñ ilkinji kamera goýlan Wear OS akylly HMD sagatlaryna çenli

Nokia telefonlary bilen tanalýan HMD Global Wear OS ulgamynda işleýän iki täze akylly sagat bilen bazara çykýar: HMD Rubber 1 we Rubber 1S. Esasy aýratynlyk: Rubber 1 modeli 2 megapikselli kamera bilen üpjün ediler — bu Wear OS enjamlarynda ilkinji gezek bolýar.

HMD Rubber 1 modeli 1,85 dýuýmlyk OLED ekrana, 400 mA/sag akkumulýator, USB-C we Qi simsiz zarýad bermek goldawyna eýe bolar. Enjamda 5 ATM suw geçirmezlik, Bluetooth 5.3, Wi-Fi, NFC, ýürek urşuny, ganyň kislorod derejesini we ädim sanyny yzarlamak ýaly aýratynlyklar bolar. Kameranyň displeýiň ýokarsynda ýerleşmegi mümkin.

HMD Rubber 1S bolsa 1,05 dýuýmlyk OLED ekrana we 290 mA/sag batareýa eýe bolar. Şeýle hem ol 5 ATM suw geçirmezlik, Bluetooth 5.0 we Wi-Fi bilen üpjün ediler.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: