Maglumat ýaýramasy: DJI kamera we awtonomiýa üns berip üç täze drony çykarýar
27.05.2025 | 19:55 |DJI üç täze dronynyň — Mini 5 Pro, Avata 3 we Neo 2 — çykmagyna taýýarlanýar, bu barada ýaýradylan maglumatlar we resmi bellikler habar berýär.
DJI Mini 5 Pro, Mini 4 Pro-nyň dowamy hökmünde, has uly batareýa göwrümi we tiz zarýad beriş mümkinçilikleri bilen çykarylar. Onuň resmi tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň maý aýynda bolup biler.
DJI Avata 3 täze görnüşli propeller gurluşy bilen tapawutlanýar, şeýle hem kameranyň sensorlarynyň ulaldylmagy mümkin. Emma giñişleýin maglumatlar entek belli däl.
DJI Neo 2 barada az maglumat bar, ýöne onuň elýeter bahasyny saklap, esasy funksiýalarynyň kämilleşdirilmegine garaşylýar.
Avata 3 we Neo 2-niň çykjak anyk wagty heniz belli däl, emma DJI Mini 5 Pro-nyň ilkinji bolup hödürlenmegine garaşylýar.
ORIENT