Iň täze habarlar

Lexicon platformasy – iňlis dili halypalary we iňlis dilini öwrenýänler we üçin täze mümkinçilik

04.05.2025 | 22:10 |
 Lexicon platformasy – iňlis dili halypalary we iňlis dilini öwrenýänler we üçin täze mümkinçilik

Türkmenistanda dil öwrenmek isleýän talyplary hünärli halypalar bilen baglanyşdyrýan täze onlaýn bilim platformasy Lexicon işe girizildi. Şu gün Lexicon onlaýn bilim pudagynda dinamiki ösýän ýagdaýda işlemek we hünär taýdan ösmek üçin häzirki zaman şertlerini hödürleýän iňlis dili halypalarynyň kabul edilişiniň açylýandygyny yglan edýär. Halypalar toparyna şu ýerden goşulyp bilersiňiz.

Häzirki zaman halypalaryň kynçylyklary

Türkmenistanda köp zehinli iňlis dili halypalary okuwçylary tapmagyň, özüňe durnukly girdeji üpjün etmegiň we şol bir wagtyň özünde dolandyryş wezipelerinde gark bolman galmagyň näderejede kyn bolup bilýändigini bilýärler. Müşderileri gözlemek, tertipler barada ylalaşmak, töleg meseleleri, özbaşdak marketing bilen meşgullanmak zerurlygy - bularyň hemmesi gös-göni okuw we öz pedagogiki başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirmek isleýän halypanyň wagtyny we güýjüni alýar. Okuwçylaryň durnuksyz akymy we yzygiderli girdeji almakdaky kynçylyklar köplenç hünärmenleriň öňünde päsgelçilik bolýar.

Halypalar üçin çözgüt - Lexicon

Lexicon platformasy halypalary bu kynçylyklardan halas etmek üçin döredildi. Bu iňlis dilini öwrenjek we ony kämmilleşdirjek bolýanlar (okuwçylar, talyplar, hünärmenler we ş.m.) özlerine halypalary tapmana mümkinçilik döredýän häzirki zaman onlaýn marketpleýsdir. Lexicon platformasy marketing, talyplary çekmek ýaly meseleleri öz boýnuna alýar we sapaklary geçirmek we tölegleri almak üçin amatly infrastruktura üpjün edýär. Biz halypalaryň iň möhüm zadyna - ýokary hilli okuw bermekligine üns bermegi üçin rahat gurşaw döretmäge çalyşýarys.

imgonline-com-ua-Frame-blurred-neRqjs14PYPkeI.jpg

Lexicon-daky halypalar üçin peýdaly taraplar:

Mynasyp we durnukly girdeji: Her geçirilen sapak üçin tölegleri her hepde özüňize amatly rekwizitlere alyň (şol sanda hem Türkmenistanyň banklary ýa-da halkara ulgamlary hem muňa degişlidir). Öz hünäriňize we tejribäňize laýyklykda sagadyna öz okuwyňyzyň nyrhyny özüňiz belleýärsiňiz.

3e-com-ua-Frame-blurred-EPqpxYWRGIF.jpg

4 DmUyE6mgfUDX.jpg

imgonline-com-ua-Frame-blurred-4rcG0aWSCGgoClmq.jpg

Talyplaryň hemişelik akymy:Lexicon Türkmenistanyň ähli künjeginden talyplary çekmek üçin marketing maýa goýumlaryny işjeň ýatyrýar. Indi size müşderileri özbaşdak gözlemek üçin wagt we serişde sarp etmek gerek däl - platforma sizi höwesli talyplary bilen üpjün eder. Iş tertibiniň we iş ýeriniň doly amatlylygy: Türkmenistanyň durnukly internet bolan islendik künjeginden işläň. Öz tertibiňizi özüňiz düzüň - irden, günortan, agşam ýa-da dynç günleri, özüňize näçe amatly bolsa şonça hem sagat okadyň. Esasy iş ýa-da okuw bilen utgaşdyrmak üçin örän amatly.

Döwrebap we amatly platforma:Çylşyrymly bolan okuw meýilnamalary ýok! Okuw tertibiňizi, meýilnamaňyzy, sapaklaryňyzy, profilinizi we maliýäňizi dolandyrmak üçin aňsat we düşnükli şahsy otag size garaşýar. Netijeli onlaýn okuw üçin ähli gurallar eliňizde bolar.

6.png

Dolandyryş pyrlampajam işleri ýok: Wagty ylalaşmak, töleg ýatlatmalary we talyp gözlemek barada unutyň. Lexicon bu prosesleri awtomatlaşdyrýar, siziň wagtyňyzy okuw üçin boşadýar. Goldaw we ösüş: Lexicon topary hemişe tehniki we guramaçylyk meseleleri bilen kömek etmäge taýýar. Şeýle hem, biz halypalarymyz üçin onlaýn okuw usullary we häzirki zaman gurallary ulanmak boýunça mugt okuw webinarlaryny geçirmegi meýilleşdirýäris.

Kim goşulyp biler?

Lexicon tejribeli iňlis dili halypalaryny, şeýle-de öz bilimlerini paýlaşmak isleýän ýokary dil derejesi bolan zehinli lingwistleri çagyrýar. Ýöriteleşdirilen bilimiň ýa-da sertifikatlaryň (TOEFL, IELTS we ş.m.) bolmagy artykmaçlykdyr, ýöne esasy zat - siziň okuw öwretmäge höwesiňiz, hünärmençiligiňiz we talyplara çemeleşmegi başarmagyňyzdyr.

Lexiconda halypa bolmak üçin näme etmeli?

Platforma goşulmak aňsatdyr:

Biziň web sahypamyzda registrasiýa ediň: Eger-de TOEFL ýa-da IELTS sertifikatlaryňyz bar bolsa, olary goşuň. Eger-de ýok bolsa, bize goşulmak üçin baha beriş synagyny geçip bilersiňiz. Tassyklama alyň: Siziň iňlis dili derejaňyz barlanar we hasabyňyz 3-4 iş gününiň dowamynda tassyklanar. E-mail arkaly giriş görkezmeleri alarsynyz.

Döwrebap we sanly ulgam görnüşdäki işiňize başlaň: Özüňize amatly halypa sagatlaryny saýlaň we halaýan zadyňyzy etmekden lezzet alyň.

Bilimiň geljegine goşulyň

Lexicon diňe bir ýönekeý platforma däl-de, bu iňlis dilini bilmek derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşmak mümkinçiligi bolan we rahat, amatly we häzirki zaman şertlerinde işleýän hünärmenleriň jemgyýetidir. Biz size durnukly girdeji çeşmesini, tertibiňizi düzmekde erkinligi we halaýan işiňize - okuw we bilim bermäge üns bermek mümkinçiligini hödürleýäris. Innowasion bilim taslamasynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligini sypdyrmaň!

Platforma barada giňişleýin öwreniň we şu wagt ýüz tutuň!

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: