Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň 500-e golaý lukmanlary Sianda adaty hytaý lukmançylygynyň usullary boýunça okuwlary geçdiler
28.04.2025 | 13:10 |Soňky alty ýylyň dowamynda Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň 500-e golaý lukmanlary Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian administratiw merkezinde adaty hytaý lukmançylygynyň usullary boýunça okuwlary geçdiler. Bu barada Huaşanwan habarlar portalyna salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.
Adaty hytaý lukmançylygynyň anyklaýyş we bejeriş tehnologiýalaryny öwretmek boýunça halkara okuwlary beýin keselleriň bejerilişine ýöriteleşdirilen Sianyň Adaty hytaý lukmançylygynyň hassahanasynda geçirildi.
Okuwlar akupunktura, ýakma we owkalama ýaly usullaryň öwrenilmegini öz içine alyp, bir hepdä niýetlenen. Bu hassahana müň orunlyk bolup, dürli keselli, şol sanda serebral ysmaz we autizm keselli ýarawsyzlar üçin dikeldiş merkez hökmünde hyzmat edýär.
ORIENT news