Türkmenistanyň medeniýet ministri Türkiýede geçirilen YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy
28.04.2025 | 12:00 |2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherine bardy.
Duşuşygyň gün tertibine YHG-a agza-ýutlarynyň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Duşuşykda eden çykyşynda medeniýet ministri A.Şamyradow amatly ekologik şertleri, baý ruhy we medeni mirasy bolan hem-de olaryň goralyp saklanmagyna döwlet tarapyndan möhüm üns berilýän özboluşly tebigy mümkinçilikler ýaly esasy serişdelere eýe bolan Türkmenistan üçin strategiki taýdan uly ähmiýeti bardygyny belledi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çalt depginde ösdürilýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, häzirki zaman Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy iş orunlaryny döretmegiň möhüm çeşmeleriniň biri, durmuş-ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketendirijisi bolup durýandygy barada nygtaldy.
Erzurumda geçirilen YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatynyň tejribe alyşmak, hem-de YHG sebitinde durnukly we gülläp ösýän syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrülendigini bellemeli.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şeýlelikde, YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşygyň çäklerinde özara bähbtilere laýyk gelýän syýahatçlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.
Şonuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we hünärmentçilik ministri Seýýed Reza Salehi Amiri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler, hususan-da, iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Eýranda geçiriljek sergilere gatnaşmaklary arkaly iki ýurduň arasynda syýahatçylygy işjeň ýagdaýda ösdürmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem, ministr A.Şamyradow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk pudaklarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.
ORIENT news