Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Daşkentdäki “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly halkara sergä gatnaşýarlar

22.04.2025 | 14:15 |
 Türkmen wekiliýeti Daşkentdäki “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly halkara sergä gatnaşýarlar

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-25-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TÜRKSOÝ” halkara guramasy bilen bilelikde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Halkara festiwaly geçirilýär.

Festiwalyň çäklerinde “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly halkara sergisi gurnalyp, oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Hatyja Amansähedowa, Gunça Goçmyradowa hem-de Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow gatnaşýarlar. Zenan suratkeşler bu festiwalyň çäklerinde geçiriljek ylmy-amaly maslahata, döredijilik sergisine we beýleki çärelere hem gatnaşarlar.

1

Ýeri gelende belläp geçsek, ady agzalan sergide suratkeş Gunça Goçmyradowanyň “Bagt guşy”, “Türkmen halk ertekisi «Ýartygulak»”, “Türkmen halk ertekisi «Akpamyk»”, “Ene toprak” eserleri, şeýle-de Hatyja Amansähedowanyň “Kalbyň owazy”, “Bahar”, “Aýly gije”, “Baharyň owazy” atly nakgaşlyk eserleri görkezilýär.

2

ORIENT

Foto: TSB

Şeýle hem okaň: