Femmeli.cosmetics çagalary «Kiçi laborant» atly ussatlyk sapagyna çagyrýar
12.08.2025 | 16:50 |Femmeli.cosmetics «Kiçi laborant» atly çagalar üçin niýetlenen uly çäre - ussatlyk sapagynyň geçiriljekdigini yglan edýär. Çäre 2025-nji ýylyň 21–23-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde, Kids Expo 2025 sergisiniň çäklerinde geçiriler.
Bu interaktiw meýdançada çagalar özlerini hakyky alymlar hökmünde duýup bilerler. Ak haltajyk geýip, elinde probirkalary bolan çagalar şöhleler, reňkler we yslar bilen synaglar geçirerler. Bilermenleriň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar özlerine degişli üýtgeşik dodak ýalpyldysyny döredip, şahsy ysy ýasap, şeýle hem sagatlary bezäp we ys berip bilerler. Döreden ähli işlerini öýlerine alyp gitmek mümkinçiligi bolar.
Bu ussatlyk sapagy diňe bir gyzykly wagt geçirmäge däl, eýsem çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge, oýnap öwrenmek arkaly kosmetiki önümleriň döredilişiniň esaslary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär.
«Owadanlyk barlaghanasyna» girmek üçin ene-atalar we çagalar sergide Femmeli.cosmetics kompaniýasynyň benewşe öwüşginli stendini tapmaly, ol ýerde olara mähirli ýylgyryşlary bilen gatnaşyjylar we guramaçylar garaşýar.
ORIENT