Le.Travel sentýabr aýynda Wýetnama syýahat etmäge çagyrýar
12.08.2025 | 14:40 |Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy 9–18-nji sentýabr aralygynda geçjek täsin Wýetnam syýahatyna toparlar üçin ýazylyşygyny açdy. Bu, tomusda dynç almaga ýetişmedikler üçin Aziýanyň iň gözel künjekleriniň birinde dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Sentýabr Wýetnamda aýratyn döwürdir. Syýahatçylara altyn kenarlar, ýakymly günorta güneşi, ýyly deňiz suwy, ümsüm aýlawlaryň rahatlygy we ekzotiki miweleriň hoşboý ysy garaşýar. Syýahatçylar Wýetnamyň tebigat gözelligini hem-de tropiki ýaşyllyk bilen mawy reňkli deňziň sazlaşykly utgaşýan aýdyň görnüşlerini açarlar.
Kompaniýaň bellemegine görä, biletleriň wagtynda öňünden sargyt edilmegi we gezelenjiň amatly guralmagy üçin öňünden ýazylmak maslahat berilýär. Le.Travel kompaniýasynyň sentýabr aýynda Malaýziýa gezelençleri üçin hem topar ýazylyşygynyň açykdygyny ýatladýarys. Giňişleýin maglumat almak üçin salgy boýunça geçiň.
Aşgabatda agentligiň edara salgysy:
“Ak altyn” işewürlik merkezi, 2-nji gat;
“Berkarar” söwda merkezi, 1-nji gat;
“Aşgabat” SDAM;
Lebap welaýatynda:
Türkmenabat ş., «Lebap söwda Merkezi”;
Telefon belgileri: (+99363) 17-55-57;
TikTok: @le._travel.tm;
Instagram: @le.travel.tm