Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekilleri Gyrgyzystanda geçirilen halkara tomusky mekdebe gatnaşdy

12.08.2025 | 09:30 |
 Türkmenistanyň wekilleri Gyrgyzystanda geçirilen halkara tomusky mekdebe gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl şäherinde geçirilen «DARYA» halkara tomusky mekdebinde gatnaşdylar. Bu çäre Merkezi Aziýada hünär bilimini ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen esasy sebit çäreleriniň biridir.

Mekdebiň çäginde esasy üns SCAFFOLD we ISATCOVE usulyýetlerini ulanmak arkaly «Hünär kämilleşdiriş mekdebi» konsepsiýasyna berildi. Gatnaşyjylar üç esasy ugur boýunça iş alyp bardylar: hünär taýýarlyk merkezleri üçin syýasaty işläp taýýarlamak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we innowasion mugallymçylyk usullaryny ornaşdyrmak.

Şeýle çärelere gatnaşmak arkaly Türkmenistan halkara standartlaryna laýyklykda hünär bilim ulgamyny ösdürýär we dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: