Iň täze habarlar

Brýusselde Türkmenistanyň Ilçisiniň hytaýly ýaşlar topary bilen duşuşygy boldy

11.08.2025 | 20:25 |
 Brýusselde Türkmenistanyň Ilçisiniň hytaýly ýaşlar topary bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň binasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary bilen manyly hem-de baý mazmunly duşuşyk geçirildi. Bu talyp ýaşlar topary tomusky bilim maksatnamasynyň çäginde Brýussele geldiler. 27 adamdan ybarat topar Hytaýyň Ýunnan, Szýansu, Çunsin ýaly 9 welaýatyna we beýleki sebitlerine wekilçilik etdi. Olar ýokary synp okuwçylary hem-de Hytaýyň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplarydy. Olaryň arasynda New Oriental School, Baoşan şäheriniň Birinji orta mekdebi, Çunsindäki Başu mekdebi, Syçuan Daşary ýurt dilleri uniwersiteti, Hebeý uniwersiteti, Pekin Ulag uniwersiteti we başga-da abraýly bilim edaralarynyň okuwçylary bardy.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (3).jpg

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky we Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow ýaş myhmanlary mähirli garşylady. Duşuşyk erkin we dostlukly ýagdaýda geçdi. Ilçi talyplary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslary bilen tanyşdyrdy hem-de 1995-nji ýylda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk syýasatynyň esasy orny barada aýratyn nygtap geçdi. Şeýle-de, Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary (LLDC3) boýunça Üçünji Maslahatynyň geçirilmegi ýaly Türkmenistanyň möhüm başlangyçlary hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (1).jpg

Ilçi Türkmenistanyň sebitleýin parahatçylyk döredijilikdäki ornuna, ulag diplomatiýasyny ilerletmek boýunça tagallalaryna we ýurduň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky strategik baglanyşyk hökmünde ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ulagdan bilim ulgamyna çenli ähli ugurlarda pugtalanyp barýandygy bellenildi.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (7).jpg

Sapar Pälwanow Hytaý bilen Ýewropany birleşdiren Beýik Ýüpek ýolundaky Türkmenistanyň taryhy ornuna ünsi çekdi. Ol Merw, Amul, Sarahs, Dehistan ýaly we belýleki şäherleriň üsti bilen kerwen ýollarynyň geçendigi barada gürrüň berdi. Şu günki gün hem Türkmenistan bu taryhy wezipäni dowam etdirip, Ýewraziýada ygtybarly üstaşyr merkez bolup çykyş edýär. Ilçi bu mirasyň ýurdumyzyň häzirki ulag diplomatiýasynyň esasyny düzýändigini belledi.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (5).jpg

Talyplaryň uly gyzyklanmasyna sebäp bolan çykyşlaryň biri hem Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasyna bagyşlandy. Milli önümler we şaý-sepleri, nagyşlary, milli egin-eşikleriň elementleri görkezildi. Ilçi her bir eksponat barada aýratyn düşündiriş berip, ýaşlaryň türkmen medeni koduna has ýakyndan aralaşmagyna mümkinçilik döretdi.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (10).jpg

Dostlugyň nyşany hökmünde her bir talyba milli tahýa sowgat berildi. Talyplar ilçihananyň içinde we daşynda surata düşüp, bu hem türkmen myhmansöýerligine we medeniýetine bolan gyzyklanmalaryny açyp görkezdi. Myhmanlara milli süýjülikler hem hödürlenip, bu duşuşygyň ýagdaýyna ýylylyk goşdy.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (12).jpg

Söhbetdeşlik gyzykly geçdi — Türkmenistanyň diplomatiýasy, halkara gatnaşyklary, taryhy we häzirki döwürdäki durmuşy barada köp soraglar berildi. Bu çäre hytaýly ýaş nesil üçin diňe bir Türkmenistan barada gymmatly maglumat almak däl, eýsem, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň gurşawyny duýmaga-da mümkinçilik berdi.

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (13).jpg

bryussel-vstrecha-posol-turkmenistana-kitajskaya-molodezh (14).jpg

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: