TNGIZT-niň Hünär-tehniki okuw mekdebine talyplaryň kabul edişligi dowam edýär
12.08.2025 | 11:40 |Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri nebit senagatyna degişli we onuň bilen bagly birnäçe hünär ugurlary boýunça okuwlara çagyrýar. Dalaşgärleriň resminamalary 1-nji iýuldan kabul edilip başlanyp, 25-nji awgusta çenli kabul edilýär.
TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebinde okuwlaryň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä, degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl bolup, tölegli esasdadyr. Okuwlar hünärleriň giň ugurlaryny öz içine alýar.
2025/2026-njy okuw ýyly üçin hünär ugurlary:
Buhgalterçilik işi – 1,5 ýyl;
Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa – 1,5 ýyl;
Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory – 1 ýyl;
Himiki derňewiň laboranty – 1 ýyl;
Haryt operatory – 1 ýyl;
Elektromontýor – 1 ýyl;
Aragatnaşygyň operatory – 1 ýyl;
Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar – 1 ýyl;
Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl.
Okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş resminamalaryna laýyklykda, öz degişli resminamalaryny TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebine baryp tabşyrmalydyr. Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary hem görkezip bilýärler.
Okuwa giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, türkmen dilinde geçirilýär. Synaglar ähli hünärler boýunça jemgyýeti öwreniş, himiýa hem-de fizika derslerinden alynýar.
Giriş synaglary we okuwa kabul edişlik 26-27-nji awgustda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde geçiriler.
Ýeri gelende belläp geçsek, TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebinde 2 aýdan — 6 aýa çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar, şeýle hem 72 sagatlyk, 1 hepdelik we 6 hepdelik hünär okuwlary hem alnyp barylýar.
Habarlaşmak üçin:
ýerleşýän salgysy: Türkmenbaşy şäheri, Asudalyk (Lermontow) köçesiniň 40-njy jaýy;
telefon belgileri: +993 (243) 5-87-54, +993 (243) 5-87-52, +993 64 85-22-04.