Iň täze habarlar

Ýesenin notalarda: rus nusgawy şahyrynyň şygryýeti türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde ýaňlanýar

12.08.2025 | 00:05 |
 Ýesenin notalarda: rus nusgawy şahyrynyň şygryýeti türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde ýaňlanýar

Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Nota neşirleri we ses ýazgylary bölümi, 1895–1925-nji ýyllarda ýaşan we XX hem-de XXI asyr kompozitorlaryna uly täsir eden şahyr Sergeý Ýeseniniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlap sergi geçirýär.

Sergide dürli žanrlardaky eserler görkezilýär: romanslar, aýdymlar, wokal toplumlary, kantatalar, hor eserleri, operalar, teatr sahnalary üçin döredilen sazlar we çaga aýdymlary. Myhmanlar häzirki zaman kompozitorlarynyň tanymal hem-de täze işleri bilen tanyşyp bilerler.

Ekspozisiýada beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň Ýeseniniň goşgylaryna ýazan «Pars owazlary» atly wokal toplumy görkezilýär. 1969–1971-nji ýyllar aralygynda döredilen bu toplum, Ýeseniniň goşgylarynyň ajaýyp saz beýany bolup çykyş edýär. Bu toplumdan alnan romanslar Moskwadaky Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” halkara sungat festiwalynyň maksatnamalaryna ýygy-ýygydan girizilýär.

esenin-turkmenistan-moskva-vystavka-noty (6).jpg

2018-nji ýylda, Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli «Pars owzlary» toplumy P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa Konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda ýerine ýetirildi. Konsertiň guramaçysy bolup «Dutaryň owazlary» festiwalynyň guramaçylyk komiteti çykyş etdi.

Alty bölekden ybarat bu toplum, Ýewropa we Gündogar saz däplerini ussatlyk bilen utgaşdyrýar. Onuň özboluşlylygy türkmen halk dessanlarynda duş gelýän mazmun gurluşynyň ulanylmagyndadyr. Bu ýerde wakalar yzly-yzyna däl-de, duýgy we psihologik arabaglanyşyklar arkaly ösýär, netijede doly we çuňňur keşp emele gelýär.

esenin-turkmenistan-moskva-vystavka-noty (5).jpg

Sergide 2017-nji ýylda Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň 260 ýyllygy mynasybetli neşir edilen, SSSR-niň we Russiýanyň halk suratkeşi Zurab Sereteliniň (1934–2025) giriş sözi we suratlary bilen bezelen Mämmet Guseýnowyň saýlanyp alnan wokal eserleri toplumy hem görkezilýär. Topluma Ýeseniniň goşgylaryna döredilen «Merjen damjalary» atly dört romans girýär: «Altyn topragym!», «Dury we gök howa…», «Merjen damjalary» we şahyryň iň soňky goşgusy «Hoş, dostum, hoş…».

Ýesenin Russiýanyň beýik şahyry hökmünde tanalýar. Ol goşgylarynda häzirki zaman adamlaryň duýgularyny, tebigata bolan söýgini ussatlyk bilen beýan edip bilýärdi. Döwürdeşleri onuň saz başarnyklary, garmoşka, balalaýka ýa-da gitara çalyp bilýän ukyby barada hem belleýärdiler.

26122023_1-1.jpg

Ýeseniň goşgylary halk aýdymlaryna öwrüldi, onuň döredijiligine köp kompozitorlar we ýerine ýetirijiler ýüzlendi. Olaryň arasynda Wadam Kozin, Iwan Kozlowskiý, Ýelena Obrazsowa dagylar bar. Onuň goşgylaryna romanslar we aýdymlar Mihail Gnesin, Dmitriý Kabalewskiý tarapyndan döredildi. Mihail Krasin, Aleksandra Pahmutowa, Georgiý Swiridow ýaly kompozitorlar bolsa hor eserlerini döretdiler. Şeýle-de, şahyryň ölüminden soňky ilkinji ýyllarda neşir edilen romanslar we aýdymlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Olaryň arasynda Aleksandr Wertinskiý tarapyndan goşmaça dört setir goşulan «Iň soňky hat» goşgusy hem bar.

ORIENT

Foto: rsl.ru/ "Dutaryň owazlary" gaznasy

Şeýle hem okaň: