Iň täze habarlar

Türkmenistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri – Osakadaky Bütindünýä sergisinde

15.04.2025 | 01:40 |
 Türkmenistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri – Osakadaky Bütindünýä sergisinde

14-nji aprelde, duşenbe güni Osakada 2025-nji ýyldaky Bütindünýä sergisinde Türkmenistan Milli gününi bellän ilkinji ýurt boldy. Bu sergi bir gün öň ýanynda açyldy Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabaranyň myhmanlaryny haýran galdyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyp, milli pawilýonyň toý bagyny kesdi we Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” boýunça ministri Ito Ýoşitaka hem-de ýapon tarapynyň beýleki wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň pawilýonynyň ekspozisiýasylary bilen tanyşdy.

Serginiň ýokary derejeli myhmanlaryna Türkmenistanyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, ykdysady we medeni mümkinçiligini hem-de ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada 3D wideo görkezildi.

AA1CSjDM.jpg

Soňra Arkadag şäherinde “Akylly” şäher taslamasynyň durmuşa geçirilişini we dürli pudaklaryň halkyň we döwletiň gülläp ösmegine goşýan goşandy, iri senagat kärhanalarynyň, nebit-gaz pudagynyň, ulag-aragatnaşyk toplumynyň, ýurduň hususy pudagynyň ýeten sepgitlerini we durmuş ulgamyndaky üstünlikleri görkezýän eksponatlar bilen tanyşlyk boldy.

Gatnaşyjylar şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungaty, alabaýlar hem ahalteke bedewleri ýaly milli gymmatlyklar bilen tanyşdyrylýar. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri barada gürrüň berýän ekspozisiýalara aýratyn orun berlipdir.

Expo-national-day-1.jpg

Ýaponiýanyň wekilleri Türkmenistanyň dürli ugurlardaky ýeten sepgitleri çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigini bellediler.

Soňra döwlet Baştutany we Ýaponiýanyň ýokary derejeli wekilleri türkmen milli aşhanasy şeýle hem bu ýerde gurnalan çaýhanada türkmen çaýynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşdylar.

Снимок экрана (4005).jpg

Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň milli pawilýonynyň sowgatlyk dükany bilen tanyşýarlar we ondan soň Ýaponiýanyň sergi pawilionyna baryp gördi hem-de onuň eksponatlaryny synladylar.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Osakadan Tokio şäherine uçdy.

1744560813-qDxORtXBVAai26GnSPTQ3cIM.jpg

ORIENT

Foto: japantimes.co.jp

Şeýle hem okaň: