Bişkekde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi
10.04.2025 | 17:00 |2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi.
Çäräniň çäklerinde mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Ilçihananyň başlangyjy bilen guralan umumy sapagyň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanan möhüm üstünlikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän ileri tutulýan başlangyçlary we özara gyzyklanma döredýän meseleler barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler aýratyn nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň döwrebap konsepsiýasy hökmünde hödürlenen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ýörelgäniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan barada wideoşekilli film görkezildi, şeýle hem ýurduň medeni we taryhy mirasyny beýan edýän ýörite sergi guraldy.
ORIENT