Iň täze habarlar

Döredijilik wekiliýeti EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň gününe sazly bezeg berer

11.04.2025 | 00:31 |
 Döredijilik wekiliýeti EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň gününe sazly bezeg berer

Indiki duşenbe güni Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisinde (EXPO-2025) Türkmenistanyň Milli güni giň gerimli we şowhunly baýramçylyk dabarasyna öwrüler. Bu çärede ýurdumyzyň gadymy taryhy we baý medeni mirasy, ägirt uly tebigy mümkinçilikleri, döwrebap üstünlikleri hem-de täze belent maksatlara ymtylyşy giňden görkeziler. Türkmenistandan Ýaponiýa 10–16 aprel aralygynda ugradylan uly döredijilik toparynyň agzalary sergä gatnaşyjylara we myhmanlara ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ýetirer. Bu döredijilik toparynyň düzümine belli estrada aýdymçylary – Suhanberdi Orazberdiýew, Gülşat Gurdowa, Leýli Okdirowa, şeýle hem “Altyn asyr”, “Owaz” estrada orkestrleriniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Arçabil” toparynyň sazandalary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet sirkiniň estrada-simfoniki orkestriniň hem-de Döwlet at sirkiniň artistleri girýär.

Milli öwüşgine baý çykyşlary tomaşaçylara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet tans ansamblynyň artistleri we meşhur “Näzli” tans toparynyň gyzlary hödürlär. Bu toparlaryň ikisiniň düzüminde hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň talyplary bar.

Türkmenistanyň EXPO-2025-de Milli gününiň çäklerinde geçiriljek çykyşlaryny we ähli çärelerini şöhlelendirmek üçin ýurtdan milli telewideniýe we radioýaýlymlaryň žurnalistleri hem-de operatorlary Ýaponiýa ugradyldy.

ORIENT news

Foto: “Näzli” tans topary

Şeýle hem okaň: