Hazar deňzine degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň we Eýranyň ýörite wekilleri geňeşmeleri geçirdiler
09.04.2025 | 03:00 |Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli meseleler boýunça ýörite wekilleri deňiz serhediniň çyzygyny, balykçylyk zolagynyň çäklerini, başlangyç çyzygynyň geçýän ugruny kesgitlemek hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi boýunça geňeşmeleri geçirdiler.
Aşgabatda Hazar deňzine degişli meseleler boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Alireza Jahangiri bilen Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli ýörite wekili Myrat Atajanowyň baştutanlygynda iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda deňiz serhediniň çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk zolagynyň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygynyň ugruny geçirmek, Hazar deňziniň düýbiniň hem-de Hazar deňzine degişli tebigy baýlyklarynyň araçägini bellemek, şeýle-de bu ugurlarda degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alyşyldy we maslahatlaşyldy diýip, sişenbe güni Mehr habarlar agentligi habar berdi.
Duşuşykda Hazar deňziniň ekologiýasy we suw derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT