Iň täze habarlar

Türkmenistan we Mongoliýa medeniýet hem-de syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürýärler

09.04.2025 | 22:25 |
 Türkmenistan we Mongoliýa medeniýet hem-de syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürýärler

Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň Ulan-Bator şäherine iş saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministri Çinbat Nomin bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak meseleleri boýunça netijeli pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda medeni alyş-çalyşygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli muzeýi bilen Aziýanyň iň uly muzeýleriniň biri bolan Mongoliýadaky Çingizhan Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek barada çözgüt kabul edildi.

Mundan başga-da, taraplar Mongoliýada türkmen halk senetçilik önümleriniň we halylarynyň sergisini bilelikde guramak barada ylalaşdylar. Bu başlangyç mongol halkyna türkmen halkynyň baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Türkmen medeniýetiniň Mongoliýada görkezilişini guramak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

09042025-turkmenistan-i-mongoliya-razvivayut-dialog-v-sfere-kultury (2).jpg

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň nusgawy edebi eserleriniň birek-birege terjime edilmegi we neşir edilmegi bellenildi. Bu bolsa iki halkyň ruhy mirasynyň has gowy düşünilmegine ýardam berer.

Duşuşygyň dowamynda türkmen sungat işgärleri we medeni miras boýunça hünärmenler Mongoliýada geçirilýän we dünýäniň göçme halklarynyň medeni dürlüligini görkezýän abraýly meýdança hökmünde tanalýan «Çarwa» atly Bütindünýä medeniýet festiwalyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk aldylar diýip, mongol metbugaty habar berýär.

Gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ynsanperwerlik ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklarynyň subutnamasydyr. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky dost-doganlygyň we özara düşünişmegiň has-da berkemegine ýardam eder.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrligi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Aşgabat şäherine eden saparynyň dowamynda medeni hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk boýunça özara düşünişmek hakynda iki sany Ähtnama gol çekdiler.

ORIENT

Foto: montsame.mn

Şeýle hem okaň: