Iň täze habarlar

Osakada geçiriljek “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony däp-dessurlary we döwrebaplylygy özünde jemlär

10.04.2025 | 15:30 |
 Osakada geçiriljek “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony däp-dessurlary we döwrebaplylygy özünde jemlär

2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi öz işine başlar. Global çäre Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adada geçirilip, alty aýlap, ýagny 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Sergide Türkmenistanyň pawilýony hem ýerleşdiriler. 1 Pawilýonyň binagärlik çözgüdi ýurdumyzyň durnukly ösüşe bolan ymtylyşyny açyp görkezýär hem-de onuň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alamatlandyrýar. Pawilýonyň görnüşi ýeňil üç burçlygy ýatladyp, ol täzeleniş, ýaşaýşyň üznüksizligi hem-de öňe tarap gidişligi bilen baglanyşdyrylýar. Onuň gümmezi türkmeniň milli gülýaka şaý-sepinden ylham alan, daşky keşbi bolsa Garagum çölüniň manzaralary bilen ruhlanan. 2 Pawilýon üç gatdan ybarat. Birinji gat köpugurly tehnologýalara bagyşlanan. Bu ýerde uly sferiki ekranlar, ýagtylandyrma we ses arkaly gelen myhmanlar Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine we tebigy baýlyklaryna wirtual syýahata ugrap bilerler.

Ikinji gatda energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, sport we medeniýet pudaklarynda gazanylan üstünlikler ýerleşdiriler. Adat boýunça Türkmenistanyň lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri sergisine aýratyn ýer aýrylar. 4 Üçünji gat medeni gymmatlyklaryň merkezine öwrülip, bu ýerde türkmen halylaryň, ajaýyp milli el işleriniň kolleksiýasyny, şeýle hem muzeý eksponatlaryny syn edip bolar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň pawilýonynda mili restoran işläp, ol ýere gelen myhmanlara hakyky tebigy önümlerden taýýarlanan türkmen aşhanasynyň milli tagamlary hödürlener. Açyk eýwanda ýerleşdirilen tapçanlarda myhmanlara gök çaý we süýjülikler hödürlener. 5 Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisine gatnaşmagy dünýä giňişligine ýurdumyzyň baý taryhyny, tebigy köpdürliligini hem-de häzirki zaman gazananlaryny görkezmek üçin mümkinçilikdir. 14-nji aprelde ajaýyp EKSPO “Ray Garden” Milli zalynda Türkmenistanyň Milli gününiň geçiriljekdigini bellemek zerur.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: