Mirasy goramak baradaky halkara birleşigi ÝB bilen bilelikde MA-nyň medeni mirasyny howa bilen baglanyşykly howplardan goramak boýunça taslama bäsleşigini yglan edýär
09.04.2025 | 14:59 |Mirasy goramak baradaky halkara birleşigi (ALIPH) Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat guraly bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny howa bilen baglanyşykly howplardan goramaga gönükdirilen taslama bäsleşigini yglan edýär.
Bu bäsleşik Özbegistanyň Nukus şäherinde geçirilen Aral medeni sammitinde Mirasy goramak baradaky halkara birleşiginiň (ALIPH) Ýerine ýetiriji direktory Waleri Freland tarapyndan hödürlenildi.
Bäsleşige medeni mirasy gorap saklamak bilen meşgullanýan edaralar, hususy guramalar, uniwersitetler we ylmy-barlag merkezler gatnaşyp bilerler.
Olara durmuş-ykdysady täsire eýe bolan taslamalaryny hödürlemäge teklip edilýär. Kiçi (30 000 ABŞ dollaryna çenli) we orta (200 000 ABŞ dollaryna çenli) taslamalar üçin maliýe serişdeleri çykarylyp berilýär.
Arzalar 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli kabul edilýär, netijeleri bolsa 2025-nji ýylyň dekabr aýynda belli bolar.
Arzany tabşyrmak hem-de taslamanyň ugurlary barada has giňişleýin maglumatlary şu
salgy boýunça alyp bolýar.
ORIENT news