Iň täze habarlar

Gazagystanda Sähra Alajagaplaňy ýataklarynyň ösüş meýilnamasy tassyklandy

07.04.2025 | 16:25 |
 Gazagystanda Sähra Alajagaplaňy ýataklarynyň ösüş meýilnamasy tassyklandy

Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrligi Günbatar-Gazagystan welaýatynda ýerleşýän Sähra Alajagaplaňy ýataklar toplumynyň tapgyrlaýyn özleşdiriş meýilnamasyny tassyklady. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 2044-nji ýyla çenli göz öňünde tutulan. Bu barada işläp taýýarlamanyň 80 % paýyna eýeçilik edýän Nostrum Oil & Gas britan kompaniýasy habar berdi.

Kompaniýanyň Londonyň gazna biržasynyň saýtynda ýerleşdirilen habarynda bellenilşi ýaly, ösüş meýilnamasy 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde makullandy. Ozal 2023-nji ýylyň iýulynda Nostrum kompaniýasynyň direktorlar geňeşi umumy bahasy 6 mln dollar möçberinde ýataklaryň geologiýa gözleg barlaglarynyň maksatnamasyny tassyklady. Işler şol ýylyň sentýabr aýynda başlady, 2024-nji ýylyň iýulynda bolsa kompaniýa taslama boýunça giňişleýin hasabaty taýýarlady.

Resminama laýyklykda, uglewodorodlaryň umumy subut edilen we mümkin bolan gorlary 138 mln nebit ekwiwalentiniň barrelini düzüp, onuň dörtden bir bölegi suwuk uglewodorodlara degişlidir. Sähra Alajagaplaňdaky gazyp alnyşlaryň başlanmagy 2026-njy ýylyň ahyryndan 2027-nji ýylyň başlaryna çenli meýilleşdirilýär. Nostrum Oil & Gas kompaniýasynyň baş direktory Arfan Hanyň bellemegine görä, taslama kompaniýanyň gazy gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň netijeliliginde, esasan hem, ýaňy-ýakynda “Ural Oil and Gas” kärhanasy bilen möhleti uzaldylan ylalaşygyň çygrynda möhüm goşant bolar.

“Ural oil and Gas” “KazMunaýGaz” (50 %), MOL Group (22,5 %) hem-de FIOC-Sinopec (27,5 %) kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasydyr. Beýik Britaniýada hasaba alnan Nostrum Oil & Gas kompaniýasy Gazagystanyň çäginde nebitiň we gazyň gözleglerini hem-de gazyp alnyşyny amala aşyrýar. Çinarew ýatagy onuň esasy aktiwi bolmagynda galýar. Onuň operatory hökmünde bu sebitde ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmaga ähli hukugy bolan “Žaikmunaý” golçur kompaniýasy çykyş edýär.

Nostrum Oil kompaniýasynyň iri paýdarlaryň arasynda Britaniýanyň Wirginiýa adalarynda hasaba alnan ICU Holdings hem-de First Equity Ltd britan kompaniýalary bar.

ORIENT news

Foto: kursiv.media

Şeýle hem okaň: