Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “SN-600” kysymly esas ýagy we dokma galyndylary ýerlenildi

05.04.2025 | 07:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “SN-600” kysymly esas ýagy we dokma galyndylary ýerlenildi

4-nji aprelde, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “SN-600” kysymly esas ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden olar dokma galyndylaryny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 709 212 manada barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: