BOMCA Aşgabatda importyň fitosanitar we weterinar gözegçiligi boýunça seminary geçirdi
04.04.2025 | 14:55 |Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy (BOMCA 10) Aşgabatda importyň fitosanitar we weterinar gözegçiligi üçin standart operasiýa amallaryny işläp taýýarlamak boýunça tehniki kömegini bermek sessiýasyny gurady.
Çärä Türkmenistanda import gözegçiliginiň çärelerini işläp taýýarlamaga we girizmäge jogapkär ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn-dolandyryş edaralaryň işgärleri gatnaşdy.
Gatnaşyjylar serhetleriň üsti bilen harytlaryň we ýükleriň hereket ediş prosesinde fitosanitar we weterinar gözegçiligi babatda döwrebap usullaryň hem-de gurallaryň ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. ÝB-niň bilermenleri milli hünärmenler bilen bilelikde inspektorlar üçin umumy standart operasiýa amallaryny işläp taýýarlamak boýunça iş alyp bardylar. Bu amallar harytlaryň barlagynda iş ýüzünde ulanylar.
Sessiýa sebitleýin ykdysady integrasiýa işine mundan beýläk-de goldaw bermäge gönükdirilen “Serhetleriň üsti bilen kanuny söwda akymlaryna ýardam bermek” atly 3-nji Komponentiň çäklerinde guraldy.
ORIENT news