Masato Kanda AÖB-iñ Prezidenti wezipesine girişdi
25.02.2025 | 12:10 |24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.
"Sebitimiz üçin şeýle wajyp döwürde AÖB-iñ Prezidenti wezipesine girişmek meniñ üçin uly mertebedir" - diýip, jenap Kanda belledi. "69 ýurduñ ynamy bilen hem-de biziñ yhlasly işdeşlerimiziñ kömegi bilen, men durnukly we inklýuziw ösüşe ýardam bermek boýunça AÖB-iñ missiýasyny öñe sürmegi maksat edinýärin. Bilelikde biz bar bolan ösüş meselelerine täsir edip, AÖB-iñ sebitde hemişelik hyzmatdaş bolup galjagyny kepillendirÿäris".
Ol Masasugu Asakawañ ýerini tutup, öñdebaryjy tejribäniñ we innowasiýalaryñ mirasyny dowam etdirer. Jenap Kandanyñ wezipä bellenilmegi AÖB-iñ häzirki ewolýusiýasyny hem-de onuñ ösüp barýan ýurtlaryñ dinamiki zerurlyklaryny çözmäge bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär. Bank strategiki ösüşiñ täze tapgyryna girişýär, hem-de onuñ ýolbaşçylary AÖB-iñ güýçli mirasyna esaslanar, şeýle hem geljekki çagyryşlary we mümkinçilikleri çözmek üçin guramanyñ ornuny kesgitlär.
AÖB - öñdebaryjy köptaraply ösüş banky bolup, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly, inklýuziw we durmuşa ukyply ösüşi üpjün edýär. Çylşyrymly wezipeleri bilelikde çözmek üçin ýurtlary we hyzmatdaşlary bilen işleşip, adamlaryñ ýaşaýşyny özgertmek, ýokary hilli infrastrukturany döretmek hem-de planetamyzy gorap saklamak maksady bilen AÖB innowasion maliýe gurallaryny we strategiki hyzmatdaşlygy ulanýar.
ORIENT news